«Türkmenistan» awiakompaniýasy ýolagçylardan gelýän köp sanly islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen, halkara gatnawlarynyň sanyny yzygiderli artdyrýar. Awiakompaniýa şolaryň hatarynda Aşgabat ― Kuala Lumpur ― Aşgabat aralygyndaky gatnawlaryny hem hepdede iki gezege çykardy.
Ozal Türkmenistanyň we Malaýziýanyň paýtagtlaryny birleşdirýän uçuşlar hepdede bir gezek ― diňe penşenbe güni amala aşyrylýardy. Şu ýylyň 23-nji aprelinden başlap, bu ugur boýunça gatnawlara hepdäniň sişenbe günündäki gatnawlar hem goşuldy.
Indi sişenbe günündäki T5-801 gatnaw arkaly türkmen laçyny Aşgabatdan ýerli wagt bilen sagat 16:10-da göge göterilip, Malaýziýanyň paýtagtyna gije 02:40-da gonýar. Iki sagat soňra ― 04:40-da Kuala Lumpurdan Aşgabada tarap ýola düşen uçar türkmen paýtagtyna çarşenbe güni gündiz sagat 10:10-da dolanyp gelýär.
Malaýziýa ― bu gün diňe bir Aziýada däl, eýsem hem tutuş dünýäde okgunly ösýän döwletleriň biri bolup durýar. Dostlukly döwletiň paýtagty bolsa dünýä syýahatçylarynyň ünsüni özüne çekýär. Täze gatnaw ýolagçylaryň we syýahatçylaryň bu isleglerini amala aşyrmakda uly mümkinçilik döredýär.