Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň hünärmenleri IATA-nyň halkara okuwyny üstünlikli tamamlady

«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde 14–16-njy sentýabr aralygynda Halkara howa ulaglary assosiasiýasynyň (IATA) ýöriteleşdirilen «ULD Operations» okuw maksatnamasy geçirildi. Okuw uçuşlarda ulanylýan ýük konteýnerleri we platformalary bilen işleşmegiň halkara talaplaryna bagyşlandy. Bu barada mekdebiň resmi saýtynda habar berildi.

Okuwy Amsterdam awiasiýa akademiýasynyň toparynyň ýolbaşçysy, instruktor Diarto Aalders alyp bardy. Oňa Aşgabat halkara howa menziliniň, «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hem-de Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiň hünärmenleri we instruktorlary gatnaşdylar.

Üç günüň dowamynda gatnaşyjylar ULD enjamlaryny Halkara howa ulaglary assosiasiýasynyň standartlaryna laýyklykda ulanmak, ýükleri howpsuz ýerleşdirmek we degişli tehniki kadalary berjaý etmek boýunça nazary hem-de amaly bilimlerini kämilleşdirdiler. Şeýle hem okuw häzirki zaman halkara tejribesini özleşdirmäge, hünär başarnyklaryny ösdürmäge we howa ulaglary hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirildi.

Okuwyň jemleri boýunça ähli gatnaşyjylara halkara derejede hünär taýýarlygyny tassyklaýan IATA-nyň şahadatnamalary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu okuw Türkmenistanyň raýat awiasiýasy ulgamynda halkara standartlarynyň ornaşdyrylmagyna, işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna we uçuş howpsuzlygynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine goşant goşýar.

Şeýle hem