Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň talyplary Türkmenistanyň Milli muzeýinde taryhy-medeni gymmatlyklar bilen tanyşdylar

2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň Awiasiada gatnawy guraýyş fakultetiniň talyplary üçin Türkmenistanyň Milli muzeýine bilim-terbiýeçilik gezelenji guraldy. Bilim-terbiýeçilik häsiýetindäki şeýle çäreler ýaşlaryň taryhy düşünjesini giňeltmäge, olarda Watana söýgi, milli medeni mirasa hormat we geçmişe bolan gyzyklanmany ösdürmäge gönükdirilendir.

Gezelenjiň dowamynda ýaşlar muzeýiň sergi zallarynda ýerleşdirilen ýurdumyzyň gadymy taryhyny şöhlelendirýän arheologik tapyndylar, gymmatly miras nusgalary, taryhy resminamalar hem-de milli senetçilik eserleri bilen ýakyndan tanyşdylar. Muzeýiň hünärmenleri talyplara Türkmenistanyň köp müňýyllyk taryhy, baý medeni mirasy we häzirki döwrüň ösüşleri barada giňişleýin maglumat berdiler.

Muzeý saparynyň çäklerinde talyplar gadymy Margiana, Parfiýa döwletleri hem-de Nusaý ýaly dünýä siwilizasiýasynyň ösüşinde möhüm orun eýelän taryhy merkezler barada täze maglumatlary öwrendiler. Ýaşlar sergilerde görkezilen gymmatlyklary uly gyzyklanma bilen synlap, özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap aldylar we muzeý işgärleri bilen pikir alyşdylar.

Şeýle hem