2026–2027-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň hünär-tehniki okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XVI Spartakiadanyň çäklerinde sportuň suwda ýüzmek görnüşi boýunça ýaryşlar üstünlikli tamamlandy. Bäsleşiklerde «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň 2-nji ýyl talyplary ýokary netijeleri görkezip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bu barada mekdebiň resmi saýtynda habar berildi.
Ýaryşyň jemleri boýunça Rejepow Yslam we Sibilew Wasiliý ähli tapgyrlarda ussatlygyny, çaltlygyny hem-de sport taýýarlygyny görkezmek bilen birinji orny eýelediler. Olaryň gazanan üstünligi okuw mekdebinde ýaşlaryň beden taýdan sagdyn ösmegi, sport bilen yzygiderli meşgullanmagy hem-de zehinli türgenleri goldamak ugrunda alnyp barylýan işleriň netijelidigini nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.
Bu üstünlik ýaş türgenleriň geljekki ýaryşlarda hem ýokary netijeleri gazanmagyna uly itergi berer hem-de okuw mekdebiniň sport abraýynyň has-da ýokarlanmagyna goşant goşar.