Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi STEM bäsleşiginde baýrakly orna eýe boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 25-nji noýabrda ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen “STEM olimpiada” atly innowasion bilim bäsleşiginde hem-de onuň çäklerinde guralan STEM sergisinde “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň topary üstünlikli çykyş edip, 3-nji orna mynasyp boldy. Bu barada okuw jaýynyň resmi saýtynda habar berildi.

Döredijilik we ylmy-tehniki ugurlary özünde jemlän bäsleşigiň dowamynda okuw mekdebiniň talyplary tarapyndan taýýarlanan innowasion taslamalar we döwrebap işläp taýýarlamalar köpçülige hödürlendi. Gatnaşyjylar tehnologiýa, inženerçilik we matematika ugurlary boýunça öz bilimlerini hem-de döredijilik mümkinçiliklerini görkezmäge mümkinçilik aldylar.

Bu üstünlik howa ulaglary ulgamynda geljekki hünärmenleriň döwrebap tehnologiýalary özleşdirmäge bolan gyzyklanmasynyň, ylmy-döredijilik başarnyklarynyň we mugallymlaryň netijeli zähmetiniň aýdyň beýany boldy. STEM ugruna gönükdirilen şeýle çäreler ýaşlaryň innowasion pikirlerini ösdürmäge, ylmy-tehniki mümkinçiliklerini açmaga we täzeçil çözgütleri döretmäge möhüm şert döredýär.

Şeýle hem