Türkmenistanyň «Türkmenhowaýollary» Döwlet gullugynyň işgärleri Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Aşgabatda 27-nji sentýabrda geçirilen dabaraly ýörişe gatnaşdylar. Ýurdumyzda giňden bellenilen bu möhüm döwlet çäresinde ulag toplumynyň wekilleri, şol sanda raýat awiasiýasynyň hünärmenleri Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri, döwrebap ösüşleri we milli awiasiýa ulgamynyň mümkinçiliklerini alamatlandyrdylar.
Paýtagtymyzda geçirilen dabaraly ýöriş Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda uly ruhubelentlik ýagdaýynda geçirildi. Onda ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň wekilleri bilen bir hatarda ulag ulgamynyň işgärleri hem çykyş edip, Watanymyzyň ösüşine goşýan goşantlaryny görkezdi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň raýat awiasiýasy täze derejä çykyp, häzirki zaman howa menzilleri, döwrebap howa gämileri we halkara talaplaryna laýyk gelýän hyzmatlar bilen üpjün edildi. «Türkmenhowaýollary» Döwlet gullugynyň hünärmenleri howa gatnawlarynyň howpsuzlygyny, ygtybarlylygyny we ýokary hilini üpjün etmek ugrunda netijeli zähmet çekýärler.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna bagyşlanan dabaraly ýöriş halkymyzyň agzybirliginiň, Watana bolan buýsanjynyň we ähli ugurlarda gazanylýan ösüşleriň aýdyň beýany boldy.