«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde uçarman-instruktorlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen halkara okuw kursunyň ilkinji tapgyry üstünlikli tamamlandy. Alty hepde dowam eden bu okuw «Egmont Aviation d.o.o.» kompaniýasynyň halkara derejeli uçarman-tälimçisiniň gatnaşmagynda geçirildi. Okuw maksatnamasynyň çäklerinde mugallymçylyk işini alyp barýan hünärmenler döwrebap usullar, öňdebaryjy halkara tejribeleri we häzirki zaman awiasiýa talaplary boýunça bilimlerini kämilleşdirdiler.
Awiasiýa ulgamynyň ösüşini täze derejä çykarmaga gönükdirilen giň gerimli işleriň çäklerinde geçirilen okuw diňe bir nazaryýet sapaklary we trenažor türgenleşikleri bilen çäklenmedi. Uçarman-instruktorlar dürli uçuş ýagdaýlaryny seljerdiler, halkara tejribesi bilen öz iş usullaryny deňeşdirdiler hem-de häzirki zaman howa gämileriniň ulanylyş aýratynlyklary boýunça amaly bilimlerini artdyrdylar.
Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we ýokary hünärli awiasiýa işgärlerini taýýarlamak ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda, okuw kursuny üstünlikli tamamlan uçarman-instruktorlara Ýewropa Awiasiýa Howpsuzlygy Agentliginiň (EASA) standartlaryna laýyk gelýän degişli şahadatnamalaryň gowşurylmagy möhüm waka boldy.
Bu üstünlik raýat awiasiýasyny ösdürmek boýunça döwlet derejesinde alnyp barylýan maksatnamalaryň çäklerinde hünärmenleriň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak ugrunda edilen möhüm ädimleriň biri hökmünde häsiýetlendirilýär. Uçarman-instruktorlaryň ählisi synaglardan üstünlikli geçip, halkara standartlaryna laýyklykda zerur bilimlere we başarnyklara eýediklerini tassykladylar.
Okuw maksatnamasynyň ilkinji tapgyry geljekki giň gerimli işleriň başlangyjy bolup durýar. 2027-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän ikinji tapgyrda okuwlaryň mazmuny has çuňlaşdyrylyp, has çylşyrymly uçuş ýagdaýlaryny çözmek, tälimçilik usullaryny kämilleşdirmek we hünär başarnyklaryny ösdürmek boýunça işler dowam etdiriler.
«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň awiasiýa hünärmenleriniň taýýarlygynyň hilini ýokarlandyrmaga uly goşant goşýandygyny belleýär.
Raýat awiasiýasynyň ösüşine we ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna döredilýän şertler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirildi.