«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşyk Aşgabat, Arkadag şäherlerinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerleşýän orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak we ýaş nesliň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen guraldy.
Çäräniň dowamynda döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we kanunçylyk namalarynyň talaplaryny berjaý etmegiň ähmiýeti, ýangyn howpsuzlygyny berjaý etmegiň kadalary, ýol-ulag hadysalarynyň hem-de hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça giňişleýin düşündirişler berildi. Şeýle hem ýaşlara zyýanly endikleriň ýaramaz täsiri, milli ahlak gymmatlyklaryna eýermek we watançylyk ruhunda terbiýelenmek barada nesihatlar aýdyldy.
Duşuşyga gatnaşan degişli gulluklaryň wekilleri ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmegiň möhümdigine ünsi çekip, pyýada geçelgelerinden dogry peýdalanmak, ýol belgilerine we yşyklandyryjy enjamlaryň duýduryşlaryna eýermek, köçelerde we köpçülikleýin ulaglarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini saklamak boýunça maslahatlaryny berdiler.
Wagyz-nesihat duşuşygynda ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüni pugtalandyrmak, jemgyýetçilik ýerlerinde özüňi alyp barmagyň edep kadalaryny berjaý etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.