«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebine Egmont Aviation d.o.o. kompaniýasynyň EASA şahadatnamaly mugallymy gelip, uçuş işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen okuw maksatnamasyna girişdi. Bu başlangyç uçuş mugallymlarynyň halkara tejribäni özleşdirmegine we taýýarlyk ulgamynyň hilini has-da kämilleşdirmegine ýardam eder. Bu barada mekdebiň resmi saýtynda habar berildi.
2026-njy ýylyň 21-nji sentýabryndan 31-nji oktýabry aralygynda dowam etjek maksatnamanyň dowamynda Diamond DA40 hem-de Diamond DA42 NG uçarlary esasynda nazary we amaly okuw sapaklary geçiriler. Okuwlarda uçary dolandyrmagyň häzirki zaman usullary, uçuş amallaryny ýerine ýetirmek hem-de uçuş howpsuzlygynyň ýokary ülňülerini üpjün etmek bilen bagly meseleler giňişleýin öwreniler.
Maksatnamanyň çäklerinde uçuş mugallymlary halkara öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşyp, çylşyrymly uçuş ýagdaýlarynda hereket etmegiň usullaryny kämilleşdirer we Ýewropa standartlaryna laýyk gelýän taýýarlyk usullaryny özleşdirer. Şeýle hem tejribe alyşmak uçuş işgärleriniň hünär derejesini berkitmäge we alnan bilimleri geljekki pilotlary taýýarlamak işinde netijeli ulanmaga mümkinçilik döreder.
Bu hyzmatdaşlyk uçuş mekdebiniň ösüşindäki möhüm ädimleriň biri bolup, uçuş taýýarlygynyň hilini ýokarlandyrmaga, halkara tejribäni ornaşdyrmaga hem-de geljekki awiasiýa hünärmenlerini taýýarlamagyň netijeliligini artdyrmaga gönükdirilendir.