«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler bilen bir hatarda, döredijilik ugurlarynda hem işjeň çykyş edýär. Okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň hünär taýdan kämilleşmegine, döredijilik mümkinçiliklerini açyp görkezmegine giň şertler döredilýär.
«Bütin dünýä durnukly ulag güni» mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de «Türkmeniň Ýüpek ýoly» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamynda zähmet çekýän işgärleriň, şeýle-de talyp ýaşlaryň gazanan üstünliklerini şöhlelendirmek maksady bilen «Garaşsyz Watanyň täze eýýamy, ýüpek ýollar haýran edýär dünýäni» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.
Bu döredijilik bäsleşiginde «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň wekilleri hem üstünlikli çykyş etdiler. Mekdebiň mugallymy Eýýupowa Laçyn Baýramowna hem-de Howa ulaglarynyň hereketlerini dolandyrmak hünäriniň II ýyl talyby Mätmuhammedowa Eneş bäsleşikde höweslendiriji baýraklara mynasyp boldular.
Bu üstünlik okuw mekdebinde bilim bilen döredijiligiň utgaşdyrylýandygyny, ýaş hünärmenleriň hemmetaraplaýyn ösüşine aýratyn ähmiýet berilýändigini görkezýär. Şeýle başlangyçlar ulag ulgamynyň geljekki hünärmenleriniň döredijilik işjeňligini artdyrmaga we milli ulag ulgamynyň ösüşine goşant goşjak kämil işgärleri taýýarlamaga hyzmat edýär.