Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň gümrük edaralarynyň wekilleriniň işgärleri taýýarlamak babatda tejribe alyşmak boýunça wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iş duşuşygy geçirildi

2024-nji ýylyň 6-njy fewralynda Döwlet gümrük gullugynyň we Federal gümrük gullugynyň wekiliýetleriniň arasynda Gullugyň Merkezi edarasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi.

 Bu iş duşuşygy 2023-nji ýylyň 20-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük gullugynyň arasynda işgärleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnamany ýerine ýetirmek maksady bilen guraldy. Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen duşuşyga Döwlet gümrük gullugynyň degişli harby gullukçylary hem-de Russiýanyň Gümrük akademiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

 Taraplar diňleýjileri döwrebap okatmak boýunça mugallymlaryň hünärini kämilleşdirmekde alnyp barylýan işlerde tejribe alyşmak, Gümrük edaralarynyň işgärlerine hünär derejelerini bermek, okatmagyň usulyýetinde innowasion usullary işe ornaşdyrmak ýaly ençeme wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de degişli wekiller sanly ulgam arkaly ýörite okuwlary guramak barada pikir alyşdylar.

 Iki döwletiň gümrük edaralarynyň wekilleriniň arasynda geçirilen bu iş duşuşygy tejribe alyşmak arkaly harby gullukçylaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmaga özüniň oňyn täsirini ýetirer.

Şeýle hem