19-njy iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Tunis Respublikasynyň Daşary işler, migrasiýa we daşary ýurtlardaky tunislileriň işleri boýunça ministri Mohamed Ali Nafti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Ministrler türkmen-tunis gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Gepleşikleriň dowamynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC 3) guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi. Daşary işler ministrleri bu halkara forumyna görülýän taýýarlyklaryň amaly taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar.