Türkmenistanyň Prezidenti ýedi sany zenany «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 23-nji sentýabrda ýedi sany zenany Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi. Bu çözgüt Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmäge, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini we ahlak sütünlerini pugtalandyrmaga, türkmen halkynyň ruhy başlangyçlarynyň we däpleriniň yzygiderliligini üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, medeniýeti ösdürmekde, bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, ilata lukmançylyk hyzmatlaryny etmekde, ösüp gelýän ýaş nesli okatmakda, ýaşlary türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik we mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde bitiren hyzmatlaryny hem-de aýratyn önjeýli jemgyýetçilik işlerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli kabul edildi.

Permanda bellenilişi ýaly, eziz enelerimiz ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşyp, ogul-gyzlaryna, agtyk-çowluklaryna mynasyp edep-terbiýe bermekde, sowatly, giň gözýetimli, watançy, zähmetsöýer nesilleri kemala getirmekde, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmakda bahasyna ýetip bolmajak işleri bitirýärler. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmekde we durmuşa geçirmekde hem zenanlarymyzyň bitirýän hyzmatlary uly hormata mynasypdyr.

Şeýle hem