Türkmenistan bilen Belgiýa ýokary derejedäki aragatnaşyklary ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Brýusselde Türkmenistanyň we Belgiýanyň arasynda ýokary derejedäki aragatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen ýurduň resmi adamlary bilen duşuşyklar geçirdi.

Gepleşikler Belgiýanyň milli güni mynasybetli geçirilen resmi çäreleriň çäginde bolup geçdi. Bu çärelerde Belgiýanyň Şa maşgalasynyň agzalary, ýurduň parlamentiniň we hökümetiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Pälwanow Belgiýanyň wise-premýeri we daşary işler ministri Maksim Prewo, Wekiller palatasynyň başlygy Piter De Rower, Şa Kabinetiniň ýolbaşçysy Wensan Usýo we Premýer-ministriň diplomatik geňeşçisi, ilçi Tomas Lambert bilen duşuşyk geçirdi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmegiň we Türkmenistanyň Belgiýa bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirjek ýokary derejeli aragatnaşyklary guramagyň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly meseleler gepleşikleriň merkezinde boldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi

Şeýle hem