Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedov Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisi milli baýramy – Rewolýusiýa güni mynasybetli gutlagyny iberdi.
Döwlet Baştutany şu ajaýyp baýramçylyk bilen baglylykda müsürli kärdeşine mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Gutlaglar Müsür halkyna hem iberildi.
Belläp geçsek, Aşgabadyň we Kairiň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň 3-nji fewralynda ýola goýuldy. Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ösmegine mümkinçilik berýär. Bu gatnaşyklar hökümetara toparyň çäklerinde hem alnyp barylýar. Munuň netijesinde 2018-nji ýylda Kairde ilkinji işewürlik forumy geçirildi. Hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlarydokma senagaty, oba hojalyk toplumy, şähergurluşyk we syýahatçylyk degişli edilýär.