Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow 21-nji iýulda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Ahmet Gurbanow ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde gerekli goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-hytaý gatnaşyklaryny mundan beýläk hem pugtalandyrmak bilen baglanyşykly birnäçe meseleleri giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar yzygiderli geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklaryň syýasy dialogyň güýçlenmegine goşant goşýandygyny bellediler.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň çäginde taraplar energetika pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler.