Türkmenistanda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygy bellenildi

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanyp ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa Aşgabat we Arkadag şäherleriniň saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň wekilleri, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplar gatnaşdylar.

Maslahatda Türkmenistanyň Gahryman Arkadagy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi, saglygy goraýyş edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegi hem-de ilata lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de lukman-Arkadaga türkmen lukmanlarynyň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.

Maslahata gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň paýtagt Aşgabat we Arkadag şäherleriniň Baş meýilnamalarynyň işläp taýýarlamak boýunça işleri çaltlandyrmak, ýurt boýunça gurluşyk işlerine, şol sanda keselhanalaryň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna gözegçiligi güýçlendirmek baradaky tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmeginiň ähmiýetini bellediler. Bu çäreler ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň adyndan lukmanlara we saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerine sowgatlar gowşuryldy hem-de “Iň gowy hassahana” atly bäsleşigiň netijeleri jemlenildi. Maslahata gatnaşyjylar türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan serişdeler, lukmançylyk enjamlary, milli saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlary bilen tanyşdylar. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Gahrymany Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy-ensiklopediki eseri “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” aýratyn orun eýeledi.

Çäräniň ahyrynda maslahata gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Şeýle maslahatlaryň ýurt boýunça hem giň gerimde geçirilendigi bellenildi.

Çeşme: “Altyn asyr” elektron gazeti

Şeýle hem