Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda ýük daşamagyň ygtybarly ýoly bilen tanyşdyrdy

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow Brýussel şäherinde Rhenus Group kompaniýasynyň strategik taslamalar boýunça direktory Genrih Kerştens bilen duşuşyk geçirdi. 2025-nji ýylyň 18-nji iýulda geçen duşuşygyň dowamynda Ýewropanyň iň iri logistika kompaniýalarynyň biri bolan Rhenus Group tarapyndan Türkmenistanyň Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda möhüm ulag geçelgesi hökmünde peýdalanylmagynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Rhenus Group-yň wekili häzirki global durnuksyzlyk şertlerinde Merkezi Aziýanyň, şol sanda Türkmenistanyň ýük daşamak üçin ygtybarly we açyk ýol hödürleýändigini belledi. Söhbetdeşlikde Türkmenbaşy deňiz portunyň we ýurduň ösen demir ýol ulgamynyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Üstaşyr daşamalary bilen bir hatarda, kompaniýa türkmen önümleriniň halkara we Ýewropa bazarlaryna eksport edilmegine ýardam etmäge gyzyklanma bildirdi we muny uzakmöhletli maýa goýum hökmünde garady.

Ilçi Palwanow Türkmenistanyň häzirki zaman ulag infrastrukturasynyň ösdürilmegine, täze awtomobil ýollarynyň gurluşygyna, demir ýollaryň döwrebaplaşdyrylmagyna we deňiz portunyň kuwwatynyň giňeldilmegine uly möçberde maýa goýýandygyny nygtady.

Taraplar gelejekde hünärmen we tehniki derejelerde gepleşikleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Rhenus Group — Germaniýada ýerleşýän, dünýäniň 70-den gowrak ýurdunyň territoriýasynda wekilçilik edýän halkara logistika kompaniýasydyr.

Çeşme: Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi

Şeýle hem