Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça maslahatyna meýletinçileri taýýarlaýarlar

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatyna taýýarlyk bilen bagly okuw sapaklary geçirilýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geljekki meýletinçileri taýýarlamak boýunça okuw sapagy geçirildi. Oňa ýurduň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinden daşary ýurt dilleri we žurnalistika fakultetleriniň mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdy. Olaryň köpüsi geljek Konferensiýada meýletinçi hökmünde çykyş etmäge taýýarlanýar.

Forumyň halkara ähmiýeti barada çykyş edenleriň hatarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň jemgyýetçilik ylymlary kafedrasynyň müdiri, professor Atajan Burunow we Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Begenç Mätliýew boldular. Olar Konferensiýa görülýän taýýarlygyň ýokary derejesini belläp, forumyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Şuňa meňzeş çäre Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem geçirildi. Onuň dowamynda Konferensiýanyň ministrler derejesindäki «Günorta-Günorta» hyzmatdaşlyk duşuşygy, zenan liderleriň duşuşygy, raýat jemgyýetiniň, hususy pudagyň, parlament we Ýaşlar forumlary ýaly çäreleriniň maksady we wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çärä gatnaşanlar daşary ýurtly delegasiýalaryň ýokary derejede kabul edilmegi, halkara kadalaryna laýyk guramaçylyk meseleleri bilen bir hatarda, medeni çäreleriň medeniýetara aragatnaşygy ösdürmekde we gatnaşyjy ýurtlar bilen ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekdäki ähmiýeti barada hem durup geçdiler.

Çeşme: "Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem