Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.
Resminama Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen geçirilen duşuşykda gol çekildi. Çäräniň geçmegi iki şanly senä — Türkmenistanyň Gahrymany, Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna we Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygyna bagyşlandy.
Bellenilişi ýaly, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygynyň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda giň gerimli özgertmeler amala aşyryldy. Pudaga degişli ähli düzümlerde öňdebaryjy tejribeler we tehnologiýalar, döwrebap bejeriş usullary ornaşdyrylýar, bu bolsa lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary halkara ülňülere laýyk gelmegini üpjün edýär.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şeýle hem Aşgabatda we Arkadag şäherinde Bütindünýä saglyk guramasynyň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän saglyk merkezleri gurlup ulanmaga berildi.
Gaznanyň ynsanperwer ýörelgeleri ösüp gelýän nesliň saglygynyň berkidilmegine, näsag çagalara degişli operasiýalaryň, sagaldyş-dikeldiş işleriniň geçirilmegine gönükdirilýändigi bellenildi.
Çeşme: "Altyn asyr" elektron gazeti