«Türkmenistan» awiakompaniýasy» hünärmenleri işe çagyrýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awiasiýa ulgamynda ýokary we orta hünär bilimi bolan hünärmenleri işe kabul edýändigini yglan edýär. Boş iş orunlary üçin 2015-2025-nji ýyllar aralygynda okuwyny tamamlan, uçuş enjamlarynyň we hereketlendirijileriniň tehniki ulanylyşy hem-de howa gämileriniň awiasion we radioelektron enjamlaryny tehniki taýdan ulanmak hünärleri boýunça bilim alan dalaşgärlere garaşylýar.

Işe girmek isleýän hünärmenler üçin birnäçe möhüm talaplar bellenildi. Dalaşgärleriň Aşgabat şäherinde, şeýle hem Ahal welaýatynyň Ak bugdaý we Gökdepe etraplarynda hemişelik ýazgysy bolmalydyr. Mundan başga-da, erkekler üçin harby şahadatnamasynyň bolmagy we ähli dalaşgärleriň Aşgabat Halkara howa menziliniň Lukmançylyk merkezi tarapyndan berlen saglyk kepilnamasynyň bolmagy hökmandyr.

Daşary ýurtlaryň okuw jaýlaryny tamamlan şahslar Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan şahadatnamasyny (diplom ykrar ediş resminamasyny) görkezmeli bolarlar. Ähli talaplara laýyk gelýän hünärmenler Aşgabat şäheriniň A. Annaýew köçesinde ýerleşýän awiakompaniýanyň edara binasyna ýüz tutup bilerler.

Goşmaça maglumatlar üçin şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz: +99312-23-47-88; +99365-72-58-43.

Şeýle hem