«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkiýe Respublikasynyň «Turk Hava Kurumu» uniwersitetine uçarman käri boýunça dalaşgärleri saýlap-seçmek arkaly okuwa kabul edişlik yglan edýär. Okuwyň dowamlylygy 4 ýyl bolup, talyplaryň okuw we ýaşaýyş jaý tölegleri awiakompaniýa tarapyndan şertnama esasynda üpjün ediler.
Okuwa Türkmenistanyň raýaty bolan, umumy orta bilimden pes bolmadyk bilimli, ýaşy 25-den geçmedik we harby şahadatnamasy bolan oglanlar kabul edilýär. Dalaşgärleriň saglyk ýagdaýy ICAO-nyň halkara talaplaryna we «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Lukmançylyk merkeziniň kadalaryna doly gabat gelmelidir.
Kabul edişlik bäsleşik esasynda geçirilip, dalaşgärler iňlis dili, matematika we fizika derslerinden giriş synaglaryny tabşyrmalydyrlar. Okuwa başlamazdan ozal dalaşgärler awiakompaniýanyň we uniwersitetiň wekilleri bilen söhbetdeşlikden, şeýle-de Ankara şäherindäki ýörite lukmançylyk barlaglaryndan geçmeli bolarlar.
Resmi iş kagyzlary 2026-njy ýylyň 8-nji aprelinden 30-njy iýunyna çenli Aşgabat şäherindäki «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň» salgysynda kabul edilýär. Giriş synaglary bolsa 2026-njy ýylyň 1-nji iýulyndan 15-nji iýuly aralygynda Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdepde guralar.
Ähli synaglardan geçen dalaşgärler bilen üçtaraplaýyn şertnama baglaşylýar. Şertnama laýyklykda, okuwyny tamamlan hünärmen «Türkmenistan» awiakompaniýasynda» 10 ýyllap zähmet çekmek borjuny öz üstüne almalydyr. Awiakompaniýa okuw we Ankara barmak çykdajylaryny öz çekýär, dalaşgär bolsa wiza, ätiýaçlandyryş we iýmit çykdajylaryny özbaşdak tölemeli bolýar.
Has giňişleýin maglumat almak üçin Aşgabat şäheriniň A.Annaýew köçesinde ýerleşýän edara binasyna ýüz tutup ýa-da 23-47-88 we +99365-72-58-43 telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz.