Halkara Nowruz güni hem-de 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanda aragatnaşyk we awiasiýa ulgamynda işleýän zenanlaryň arasynda «Hünärim bar – hormatym bar» atly bäsleşik geçirildi.
Bäsleşik Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi we «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy tarapyndan bilelikde guraldy. Ol iki tapgyrda geçirildi.
Birinji tapgyrda gatnaşyjylar öz edaralarynda we kärhanalarynda bäsleşdiler. Iň gowy alty gatnaşyjy final tapgyrda öz guramalarynyň adyndan çykyş etmäge hukuk gazandy.
Bäsleşigiň çäklerinde gatnaşyjylar özleri we saýlan hünärleri barada goşgular, sahna hem-de aýdym-sazly çykyşlar arkaly gürrüň berdiler. Şeýle hem olar milli tagamlar bilen baýramçylyk saçagyny bezemekde bäsleşdiler we milli egin-eşikleriň döwrebap görnüşlerini görkezdiler.
Emin agzalarynyň gelen netijesine görä, 1-nji orna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işgäri Oguljemal Haljykowa, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň mugallymy Bägül Hudaýberdiýewa dagy mynasyp boldy. 2-nji orny «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň sanly ykdysadyýeti ösdürmek müdirliginiň döwlet maksatlaryna gözegçilik bölüminiň baş hünärmeni Güljemal Gurbanowa, «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işgäri Mähri Kösäýewa dagy eýeledi. 3-nji orna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň operatory Gülnar Şamyradowa hem-de Aşgabat Halkara howa menziliniň işgäri Ogulnar Aýmämmedowa mynasyp görüldi.
Ýeňijiler Hormat haty we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy.