«Türkmenistan» awiakompaniýasy» Aşgabat-Dubaý-Aşgabat, Aşgabat-Abu-Dabi-Aşgabat we Aşgabat-Jidda-Aşgabat ugurlarynda 2026-njy ýylyň 9-njy martyndan 1-nji apreline çenli uçuşlaryň mejbury togtadylýandygyny habar berdi.
“Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirilýän aşakdaky ugurlar boýunça howa gatnawlarynyň 2026-njy ýylyň 9-njy martyndan 1-nji apreline çenli togtadylýandygy barada habar berýäris: Aşgabat — Dubaý — Aşgabat, Aşgabat — Jidda — Aşgabat, Aşgabat — Abu-Dabi — Aşgabat” – diýlip, habarda aýdylýar.
Ýatyrylan gatnawlaryň ýolagçylary awiabiletlerini tutumsyz ýagdaýda doly yzyna gaýtaryp ýa-da iň ýakyn mümkinçilik bar bolan senelere tutumsyz ýagdaýda üýtgedip bilerler.
Çeşme: «Türkmenistan» awiakompaniýasy»