«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2-nji martdan 4-nji marta çenli Aşgabat – Dubaý we Aşgabat – Jidda ugurlary boýunça gatnawlaryň ýerine ýetirilmegini wagtlaýynça saklady.
Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen agzalan ugurlar boýunça howa gatnawlarynyň çäklendirilýändigi barada awiakompaniýa habar berdi.
Ýatyrylan gatnawlaryň ýolagçylary awiapeteklerini tutumsyz ýagdaýda doly yzyna gaýtaryp bilerler ýa-da iň ýakyn mümkinçilik bar bolan senelere tutumsyz ýagdaýda üýtgedip bilerler.
Çeşme: «Türkmenistan» awiakompaniýasy