Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we
kommunikasiýalar agentliginiň başlygy Mämmethan Çakyýewiň
ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň, şol sanda Türkmenistanyň
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň resmi wekilleriniň
Ýaponiýanyň sanly öwrülişik agentliginde zähmet çekýän kärdeşleri bilen onlaýn
duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky
Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň resmi saýty habar berýär.
Duşuşygyň esasy maksady sanly tehnologiýalar boýunça iki ýurduň bilelikdäki işinden we bu gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin gyzyklanma döredip biljek ugurlary kesgitlemekden ybarat boldy.
Duşuşygyň barşynda tejribe alyşmak, bilelikdäki taslamalary döretmek, bilim maksatnamalaryny işläp düzmek we sanly innowasiýa pudagynda maslahat beriş goldawy ýaly
meseleler işjeň ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplaryň ikisi hem bu möhüm
ugurda ýakyn hyzmatdaşlyga we bilimleri alyşmaga taýýardyklaryny mälim etdiler.
Özara gatnaşyklar Türkmenistanda sanly tehnologiýalary ösdürmegiň
geljegini we täze mümkinçilikleri açýar, şeýle hem iki ýurduň arasynda özara
düşünişmegi, işjeň alnyp barylýan hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ýardam edýär.
Innowasion taslamalary ösdürmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň raýatlaryň
durmuşynyň şu ugruny has-da gowulandyrmagyna, şeýle hem sanly ösüş pudagynda
öňdebaryjy tejribäniň alyş-çalşygyna kömek etmegine garaşylýar.
Bu ädim Türkmenistanyň dünýäniň sanly tehnologiýalarynyň giňişligine
işjeň goşulmak islegini görkezýär. Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyk iki ýurt üçin
hem innowasiýa we tehnologiki ösüşleriň ýolundaky täze gözýetimleri açýar.
Çeşme: Türkmenistanyň
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi