Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny
ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Milli
maksatnamasyna laýyklykda, indi ýylyň-ýylyna ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň
düzümleriniň döwrebaplaşdyrylyp, iň täze enjamlar bilen üpjün edilýär. Şu gün
paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gonan «Boeing 777-300 ER» kysymly
täze ýolagçy uçary hem Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň üstüni ýetirdi.
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryň «Boenig» kompaniýasyndan «Boenig-777-300ER»
kysymly iki sany täze ýolagçy howa gämilerini satyn almak baradaky
Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat Halkara howa menziline 2024-nji ýylynyň 5-nji ýanwarynda getirildi. Şeýle howa gämileriniň birinjisi 2023-nji ýylyň 4-nji dekabrynda
Aşgabada getirilipdi.
Gahryman Arkadagymyzyň halkara howa ulaglary boýunça hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlary bilen, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan giň gerimli işler türkmen halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirýän işleriniň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.