Haj parzyny berjaý etmek üçin zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we getirmek üçin ýörite gatnawlary gurnalar.

Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti, 2023-nji ýylyň haj möwsüminde Türkmenistanyň 2312 sany raýatyny haj parzyny berjaý etmekleri üçin, Saud Arabystany Patyşalygyna ibermegi meýilleşdirýär.

Haj parzy Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde berjaý edilýär. 2023-nji ýylda Gurban baýramy iýun aýynyň 28-29-30-y günlerine gabat gelýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi  zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin, Türkmenistanyň Müftüsiniň müdüriýeti bilen bilelikde, 2023-nji ýylyň iýun we iýul aýlarynda Aşgabat – Jidda – Aşgabat hem Aşgabat – Medine – Aşgabat ugurlary boýunça «Boeing 777-200» kysymly howa gämisinde 8 sany ýörite ýolagçy gatnawlaryny ýola goýýar.

Şeýle hem