"Türkmenistan "Awiakompaniýasy" AGPJ Türkmenbaşy şäherine birnäçe içerki gatnawy wagtlaýyn ýatyrýar

2025-nji ýylyň 19-njy maýyndan başlap “Türkmenistan”awiakompaniýasy” AGPJ Aşgabat-Türkmenbaşy-Aşgabat, Türkmenabat-Türkmenbaşy-Türkmenabat, Mary-Türkmenbaşy-Mary we Daşaguz-Türkmenbaşy-Daşoguz ugurlary boýunça ýerine ýetirilýän gatnawlary wagtlaýyn ýatyrýar.

Kompaniýanyň resmi internet sahypasynda ýerleşdirilen bildirişe laýyklykda, wagtlaýyn ýatyrma aşakdaky ugurlara degişli:

Aşgabat - Türkmenbaşy - Aşgabat
Türkmenabat - Türkmenbaşy - Türkmenabat
Mary - Türkmenbaşy - Mary
Daşoguz - Türkmenbaşy - Daşoguz

Türkmenbaşy şäherine ýatyrylan uçuşlar üçin ozal awiapetekleri resmileşdiren ýolagçylara olary yzyna gaýtaryp bermek ýa-da mugt täzeden resmileşdirmek mümkinçiligi döredildi. Munuň üçin Türkmenistandaky islendik awiapetek satuw nokadyna ýüz tutmaly.
Sanly ulgam arkaly (Online) resmileşdirilen awiabiletleri yzyna tutumsyz gaýtaryp, Awiakompaniýanyň resmi saýty turkmenistanairlines.tm we Türkmenistandaky ähli awiabilet satuw nokatlaryna ýüz tutup täzeden başga ugurlara awiabiletleri resmileşdirip bolar.

Şol günden başlap, 2025-nji ýylyň 19-njy maýynda "Türkmenistan "Awiakompaniýasy" paýdarlar jemgyýeti aşakdaky içerki ugurlarda täze gatnawlar ýola goýular:

Aşgabat - Balkanabat - Aşgabat
Türkmenabat - Balkanabat - Türkmenabat
Mary - Balkanabat - Mary
Daşoguz - Balkanabat - Daşoguz

Goşmaça maglumat üçin aşakdaky belgilere jaň etmeli: 39-17-17, 23-03-18, 23-03-15, 37-84-52, 37-84-32.

Çeşme: turkmenistanairlines.tm

Şeýle hem