Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowynyň parasatly ýolbaşçylygynda hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryna laýyklykda, ýurdumyzda ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň möçberli işler dowam edýär.
1-nji aprelde Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň gurluşygynyň güýçli depginde dowam edýän ýerine baryp, alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Bu taslama diňe bir Balkan welaýatynyň däl, eýsem, ýurdumyzyň hem ulag-logistika kuwwatyny has-da pugtalandyrmak bilen, Türkmenistanyň sebitiň esasy logistika merkezi hökmünde eýeleýän ornuny berkitmäge uly goşant goşar.
Dünýä derejesindäki döwrebap ulag düzümi
Balkanabat Halkara howa menziliniň gurluşygy häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary we innowasion çözgütleri esasynda alnyp barylýar. Munuň özi halkara ülňülerine doly laýyk gelýär. Häzirki wagtda howa menziliniň uçuş-gonuş zolagy üstünlikli synagdan geçirilip, gurluşygyň ýokary hilli we howpsuzlyk talaplaryna doly laýyk gelýändigi tassyklandy.
Howa menziliniň düzümine ýolagçy terminallary, dolandyryş diňi, uçarlaryň duralgasy üçin niýetlenen angarlar, ýük terminaly, halas ediş we ýangyn söndüriş desgalary, şeýle-de bu howa menziliniň bökdençsiz işlemegini üpjün etjek beýleki tehniki desgalar girýär.
Jebel şäherçesindäki täze howa menzili Balkan welaýatynyň durmuş-ykdysady ösüşinde möhüm orun eýelär. Hususan-da, ol «Mollagara» şypahanasyna dynç almaga we saglygyny berkitmäge gelýän ýolagçylar üçin ýokary derejeli hyzmatlary üpjün eder. Howa menziliniň amatly ýerleşmegi syýahatçylaryň şypahana tiz we rahat baryp bilmeklerine mümkinçilik döreder. Munuň özi welaýatyň saglyk-dynç alyş turizmini ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.
Balkanabat Halkara howa menziliniň gurluşygy, Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn maksatnamanyň bir bölegi bolup durýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda Aşgabat, Türkmenbaşy, Türkmenabat we Kerki şäherlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap halkara howa menzilleri gurlup ulanylmaga berildi. Bu işler ähli ulag serişdelerini birleşdirýän multimodal üstaşyr ulag düzümini döretmäge gönükdirilendir.
Geljekgi ösüş ugurlary
Balkanabat Halkara howa menziliniň gurulmagy Türkmenistanyň sebitleýin we yklymlaýyn ähmiýete eýe bolan ulag-logistika merkezi hökmünde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrar. Munuň özi ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetine mundan beýläk-de, işjeň goşulyşmagyny üpjün edip, halkara söwda gatnaşyklarynyň ösmegine giň ýol açar.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hem-de Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler, ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman şertlerinde gaýtadan dikeldilmeginde we Türkmenistanyň halkara ulag geçelgeleriniň möhüm halkasyna öwrülmeginde uly ähmiýete eýe bolýar. Şeýlelik-de, täze gurulýan Balkanabat Halkara howa menzili, ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine sary, alyp barýan ulag strategiýasynyň möhüm bölegidir.