2025-nji ýylyň 11-12-nji martynda ICAO EUR/NAT awiasiýa ulgamynda ýokary hünär taýýarlygyny we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça Fransiýa döwletiniň Pariž şäherindäki ICAO EUR/NAT guramasynyň edara binasynda geçirilen duşuşyga «Türkmenhowaýollary» agentliginiň hünärmenleri gatnaşdylar.
Duşuşyk “Safe sky – Sustainable future” (howpsuz asman – durnukly geljek) ady bilen Raýat awiasiýasynyň halkara guramasynyň (ICAO) Ýewropa we demirgazyk Atlantik (EUR/NAT) sebitleýin direktory Jenap Nikolas Rallo tarapyndan açyldy.
Jenap Nikolas Rallo öz çykyşynda, bu çäräniň awiasiýa hünärmenlerini taýýarlamagyň Raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde zerur ornunyň eýeleýändigini hem-de häzirki zaman kynçylyklary we innowasion tehnologiýalar, şeýle hem global üýtgeşmeler şertlerinde raýat awiasiýasynyň ösüşine we işgärleriň dolandyrylmagyna degişli meseleleri çözmäge gönükdirilendigini belläp geçdi.
Duşuşygyň dowamynda Jenap Nikolas Rallo bilen Türkmenistanyň wekilleri duşuşyp, «Türkmenhowaýollary» Agentligi bilen geljekki hyzmatdaşlyklary ösdürmek boýunça gürrüňler alnyp baryldy we biziň ýurdumyzda gurnaljak okuwlar baradaky teklipler edildi.
Geçirilen duşuşykda raýat awiasiýasynda okuw taýýarlygynda gabat gelinýän meseleler we kynçylyklar seljerilip, olaryň öňüni almak boýunça teklipler diňlenildi hem-de bähbitli netijeler goldanyldy. Dünýä ýüzünde ýaş nesilleri boýunça okuw taýýarlyklarynda kynçylyklar öwrenildi we okatmagyň usulyýetleri bilen tanyşdyryldy.
Duşuşykda awiasiýa ulgamynda täze mümkinçiliklere we çärelere esaslanyp, täze tehnologiýalar, şol sanda wirtual hakykat (VR) we emeli intellekt (AI) ýaly döwrebap ösüşleri ulanmak bilen hünärmenleriň ýokary taýýarlygyny üpjün etmek üçin çäreler görkezildi.
Mundan başga-da, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň wekili Mekdep bilen tanyşlyk prezentasiýasyny geçirdi we onuň gatnaşyjylar tarapyndan täsirli bolandygy bellenildi.
ICAO, «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan öňe sürülen başlangyçlary goldamaga, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yglan edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli Türkmenistanda geçirilýän çärelere gatnaşmak boýunça gyzyklanmalaryny bildirdi. Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanda awiasiýa ulgamyny ösdürmäge, onuň halkara derejesinde tanalmagyna we täze mümkinçilikleriň açylmagyna ýol açar.
Duşuşykda gazanylan teklipler we ylalaşyklar awiasiýa hünärmenleriniň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmaga, şeýle hem uçuşlaryň we awiasiýa howpsuzlygy babatynda halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmäge gönükdirilendir. Bu çäräniň netijeleri ýurdumyzyň awiasiýa ulgamynyň halkara derejesinde kämilleşmegine we geljekki ösüşine uly itergi berer.