Halkara zenanlar güniniň öňüsyrasynda «Türkmenhowaýollary» Agentliginiň Baş binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan agentligiň zenan işgärlerine pul sowgatlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Çäre Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň ösüşine ep-esli goşant goşýan zenanlara minnetdarlyk we hormat bildirmek maksady bilen gurnaldy.
Dabaraly ýagdaýda agentligiň ýolbaşçylyk düzümi zenanlary ýetip gelýän baýram bilen gutlap, olaryň hünär ussatlygyny, jogapkärçiligini we işe wepalylygyny belläp geçdiler.
Çäräniň dowamynda ýurduň hünär bilim edaralarynda okaýan ýaş zenanlar barada aýratyn durup geçildi. Agentligiň ýolbaşçylary ýaş nesli goldamagyň we olaryň hünär taýdan ösmegi üçin amatly şertleriň döredilmeginiň möhümdigini nygtadylar.
Sowgat gowşurylyş dabarasy «Türkmenhowaýollary» agentliginde zähmet çekýän zenanlar goýulýan beýik hormatyň beýany boldy. Bu çäre baýramçylyk ruhunyň dabaralanmagyna goşant goşdy.