«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugry boýunça uçar gatnawlarynyň togtadylmagyny 2025-nji ýylyň 31-nji martyna çenli uzaltdy.
Ýolagçylar bu ugur boýunça awiapetekleri satyn alnan ýerinde mejbury yzyna gaýtarylan diýip resmileşdirip gaýtaryp bilerler.
Häzirki wagtda Moskwa — Aşgabat — Moskwa ugry boýunça uçar gatnawlary Russiýanyň «Sibir» (S7 Airlines) awiakompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýar.