“Türkmenistan” awiakompaniýasy” AGPJ ýolagçylar üçin ýörite aksiýany ýola goýdy

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti raýatlar üçin döwrebap hyzmatlary ýola goýmaga dowam edýär. 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 25-ne çenli “Türkmenistan” awiakompaniýasy” AGPJ tarapyndan aşakdaky:
Aşgabat – Kuala-Lumpur – Aşgabat;
Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat;
Aşgabat – Bangkok – Aşgabat;
Aşgabat – London – Aşgabat;
Aşgabat – Frankfurt – Aşgabat;
Aşgabat – Milan – Aşgabat ýaly halkara uçar gatnawlarynda ýolagçylaryň uçýan güni bilen doglan güni gabat gelen ýagdaýynda ýörite aksiýanyň ýola goýulandygyny habar berýäris.

Ýörite aksiýadan peýdalanmak üçin Türkmenistanyň çäginde ähli awiabilet satuw nokatlaryna ýüz tutup bilersiniňiz.

Öz doglan günüňizi “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen has-da şadyýan geçirmek mümkiçligini elden gidirmäň!

Şeýle hem