Halkara raýat awiasiýa guramasy (ICAO) bilen bilelikde «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde nazaryýet okuwy geçiriler

2024-nji ýylyň 30-njy sentýabry — 18-nji oktýabry aralygynda Halkara raýat awiasiýa guramasy (ICAO) bilen bilelikde gurnalýan “Uçuşlaryň Howpsuzlygy boýunça Döwlet inspektory – hünärmenlere şahadatnama bermek” okuw maksatnamasy esasynda, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde nazaryýet okuwy geçiriler.

Nazaryýet okuwy awiasiýa hünärmenleriniň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek, ony ICAO-nyň Standartlaryna we Hödürlenilýän tejribelerine laýyk getirmek maksady bilen geçirilýär. 

Bu okuwa  «Türkmenhowaýollary» agentliginden 7 sany, şeýle hem sebitde gyzyklanma bildirýän taraplaryň, ýagny Gyrgyzystan, Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan we Azerbaýjan Respublikalarynyň raýat awiasiýa çygryndaky ygtyýarly edaralaryndan 5 sany hünärmen gatnaşar. Olardan jemi 12 sany hünärmenden ybarat bolan okuw topary düzüler.

Bu okuwyň geçirilmegi «Türkmenhowaýollary» agentliginiň, şol sanda Uçuşlaryň Howpsuzlygy boýunça daşary ýurtlaryň hünärmenlerini taýýarlamak we bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek, Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiň halkara derejesine laýyk gelýän okuw usulyýetini giňeltmek babatda uly mümkinçilikleri döreder.

Şeýle hem