«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýurduň sebitleriniň arasyndaky göni howa gatnawlarynyň gerimini has-da giňeltdi. Şu ýylyň 1-nji iýulyndan başlap güýje girýän täze uçuş tertibinde ýurduň welaýatlarynyň arasynda amala aşyryljak göni howa gatnawlary doly we jikme-jik görnüşde köpçülige ýetirildi. Bu täzelik welaýatara ugurlarda içerki gatnawlary kämilleşdirmäge we sebitleriň arasyndaky howa baglanyşygyny has-da berkitmäge gönükdirilendir.
Täze meýilnama laýyklykda, Daşoguz, Mary, Türkmenabat, Balkanabat we Kerki şäherleriniň arasynda yzygiderli göni uçuşlar ýolagçylaryň hyzmatynda bolar. Hepdäniň dürli günlerinde guralýan bu welaýatara ugurlar raýatlara Aşgabat şäherine gelip-gitmezden, welaýatdan welaýata göni syýahat etmäge ajaýyp mümkinçilik döredýär.
Hususan-da, täze tertibe laýyklykda uçuşlar aşakdaky ýaly ýerine ýetirilýär:
Daşoguz — Mary: sişenbe we penşenbe günleri sagat 11:40-da (yza gaýdyşyn sagat 13:30-da);
Daşoguz — Türkmenabat: ýekşenbe güni sagat 14:25-de (yza gaýdyşyn sagat 12:30-da);
Mary — Balkanabat: çarşenbe güni sagat 14:15-de (yza gaýdyşyn sagat 12:15-de);
Türkmenabat — Balkanabat: duşenbe güni sagat 14:15-de (yza gaýdyşyn sagat 12:05-de);
Balkanabat — Kerki: penşenbe güni sagat 12:20-de (yza gaýdyşyn sagat 14:50-de);
Daşoguz — Balkanabat: sişenbe we şenbe günleri sagat 12:10-da (yza gaýdyşyn sagat 14:10-da).
Aşgabat Halkara howa menzilinden, şeýle-de Daşoguz, Türkmenabat, Mary, Balkanabat, Türkmenbaşy we Kerki şäherleriniň döwrebap howa menzillerinden ýerine ýetiriljek ähli ýerli uçuşlaryň doly maglumatlary we takyk wagt görkezijileri bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň» resmi internet saýtynda tertipde tanşyp bolýar.