«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň mekdebinde täze okuw ýyly dabaraly başlandy

Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2026–2027-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde dabaraly çäreler geçirildi. 1-nji sentýabrda okuw mekdebinde baýramçylyk nyzamy guraldy. Şeýle hem okuw mekdebiniň mejlisler zalynda täze okuw ýylynyň başlanmagyna bagyşlanan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly ilkinji okuw sapagy geçirildi. Bu barada mekdebiň metbugat gullugy habar berdi.

Çäräniň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ugurlarda uly ösüşlere eýe bolýandygy bellenildi.

Ilkinji okuw sapagynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada giňişleýin gürrüň edildi.

Okuw sapagynda häzirki döwürde ýokary bilim ulgamynda ylym, bilim we önümçiligiň özara baglanyşygyna esaslanýan işleriň netijeli alnyp barylýandygy, ýaşlaryň ylmy işlere giňden çekilýändigi nygtaldy. Şeýle hem bilim ulgamynyň halkara derejesindäki hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigi bellenildi. Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmak ugrunda alnyp barylýan döwlet ähmiýetli işler, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy üçin döredilýän mümkinçilikler barada hem giňişleýin maglumat berildi.

Çärä gatnaşan talyplar ýurdumyzyň ösüşine goşýan goşantlary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Şeýle hem