«Türkmenistan» awiakompaniýasy» meşhur ugurlar boýunça yzygiderli gatnawlaryň sanyny artdyrýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 25-nji oktýabrdan başlap birnäçe halkara ugurlar boýunça uçuşlaryň täze tertibini girizýär. Uçuşlaryň ýygylygyny artdyrmak we tertibi durnuklaşdyrmak arkaly ýolagçylara hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.

Täze tertibe görä, Aşgabatdan Kazan şäherine amala aşyrylýan uçuşlaryň sany hepdede dört gezekden alty gezege çenli köpeldilip, muňa penşenbe we anna günleri goşular. Şeýle hem ýekşenbe günki T5-737 gatnawynyň ugraýan wagty sagat 09:25-den agşamky 22:45-e geçiriler. Mundan başga-da, Hoşimine uçuşlaryň ýygylygy hepdede iki gezekden üç gezege, Seula bir gezekden iki gezege, Milana bolsa iki gezekden üç gezege çenli artdyrylar.

Awiakompaniýa Aşgabat-Stambul ugry boýunça uçuşlaryň ýygylygyny hepdede 12-den 13-e çenli artdyryp, çarşenbe gününe goşmaça gatnaw girizer. Şunlukda, Stambul şäherine uçuşlar indi hepdäniň her güni amala aşyrylar we gatnawlaryň köpüsiniň ugraýan wagtlary düzgünleşdiriler.

Deli şäherine amala aşyrylýan uçuşlaryň sany hepdede üç gezekden iki gezege düşürilip, şenbe günki gatnaw tertipden aýryldy. Pekin, Bangkok, Kuala-Lumpur, London we Frankfurt ugurlarynda uçuşlaryň sany üýtgemezden galar, ýöne olaryň ugraýan wagtlaryna käbir düzedişler giriziler.

Doly maglumatlar bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň» resmi internet saýtynda tertipde tanşyp bolýar.

Şeýle hem