Gündogar ýyldyzy

Hormatly  Prezidentimiziň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň röwşen pikirlerinden, taryhy wakalardan ugur alyp, dramaturg B.Mämmedowyň ýazan “Gündogar ýyldyzy” atly drama eserinde Xl asyryň başlarynda Türkmenistanda bolup geçen dartgynly taryhy wakalardan söz açýar. Dramanyň gahrymanlary Gündogaryň beýik alymlary – taryhy şahslar Abu Ali ibn Sina, Mäsihi geljekki türkmen soltanlary Togrul beg bilen Çagry beg, türkmen halkynyň kyblagähine öwrülen türkmeniň hekim gyzy Parawbibi dagylar.

Abu Ali bilen halypa alym Mäsihi Garagumy kesip geçende, ençeme kynçylyklara sezewar bolýarlar, geljekki seljuk - türkmen soltanlary Togrul beg hem Çagry beg bilen duşuşýarlar. Olar köp kynçylyklary başdan geçirip, Paraw obasynda ýaşaýan, ady ýedi yklyma dolan hekim türkmen gyzynyň öýüne barýarlar. Lukmançylyk ylmynyň aňyrsyna çykan alymlar ibn Sina bilen  Mäsihi gyzyň ýiti zehinine, onuň hassany bejeriş usulyna haýran galýarlar.

Beýik Ýüpek ýolunyň ruhy ahwalaty “Gündogar ýyldyzy” atly dramasynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.    

Şeýle hem