„Gumly gelin“ atly sahna oýnunyň esasy many-mazmun özeni ruhy gymmatlyklara gadyr goýmak ündewinden, ruhubelentlikden ybarat. Eseriň žanr aýratynlygynyň şahyrana şagalaň diýlip kesgitlenmegi-de onuň beýan ediş usulynyň özboluşlylygyny, gülkiniň hem lirikanyň utgaşmasyndan dörän özboluşly edebi-çeper usuly häsiýetleriň hem wakalaryň täzeçe şöhlelenşini alamatlandyrýar. Eseriň gahrymanlarynyň durmuşda aýry-aýry sebäplere görä ýeke galmagy - simwoliki şertlilikdir. Şu şertlilik arkaly ynsany diňe birek-birege bolan ynamyň, söýginiň hem sarpanyň birleşdirýändigi, döwürdeşlermiziň ruhubelentliginiň düýp özeniniňem şundadygy nygtalýar. Adam kosmos belentliklerine, maddy baýlygyň ýokary derejesine ýetse-de, onuň esasy baýlygy ýüregi, kalby. Birek-birege bolan söýgüden, ynamdan ybarat kalby. Dünýäniň hem ynsanýetiň baş baýlygy şundan ybarat. Milli hem medeni, ruhy gymmatlyklarymyza, ýerimize-ýurdymyza, häzirki döwürde durmuşa geçirýän beýik işlerimize, çölümize, sähramyza, ynsan gatnaşyklaryna, duýgy-düşünjesine sarpa goýmagy ündeýänligi bilen hem sahna oýnunyň terbiýeleýjilik ähmiýeti ünsi özüne çekýär. Şahyranalyk, şatlyk, ruhubelentlik, söýgi, ynam eseriň içinden eriş argaç bolup geçýär.