Adamzadyň müňlerçe ýyllyk taryhynda Ezop, Doha ýaly uly söz ussatlary, wäşi henekçiler, bälçik degişgenler ýaşap geçipdir. Olaryň arasynda dünýä meşhury Hoja Nasreddin Ependidir. Ýaňy-ýakynda doglan gününiň sekiz ýüz ýyllygy dünýä boýunça baýram edilen Hoja Nasreddin Ependiniň asly seljuk türkmen bolup, ol Akşäher welaýa-tynyň Siwrihisar—Serwihisar obasynda ýaşapdyr. Hoja Nasreddin ýedi yklymyň ulus-illerini gülkiniň, henegiň, şorta sözleriň daşyna jemlän legendar şahsdyr. Dünýäniň edebi mirasyny öwreniji alymlaryň onlarçasy hakyky taryhy şahs bolan Ependi barada birnäçe kitap ýazdylar, dürli ýurtlarda çeper filmler surata düşürilip, dürli ýurtlaryň teatrlarynda Ependi hakynda sahna oýunlar goýuldy. Alym Isgender Şah hatda Hoja Nasyreddin Ependiniň aryf alym bolandygy barada ýörite diwan hem ýazypdyr.
Emma Ependiniňem, onuň baý edebi mirasynyňam hak eýesi türkmen halkydyr.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebow “Ependi, sen kim?” atly komediýasyny taryhy rowaýatlardan ugr alyp ýazypdyr. Komediýada awtor onlarça şorta sözüň, hekaýatyň üsti bilen jahana belli wäşi Ependiniň, şägirdi Ymadyň—Tersa Hojanyň, dilewar Heýjan hatynyň keşplerini göwnejaý işläpdir. Durşuna gülkä, kinaýa, henege-hokga ýugrulan “Ependi, sen kim?” atly sahna oýny halkymyza uly serpaý boldy. Sahna oýnuny goýan Türkmenistanyň at gazanan artisti H.Berdiýew. Sahna bezegini ýerine ýetiren Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri M.Annamyradow. Ependiniň keşbini Türkmenistanyň
Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artisti Ç.Annamyradow, onuň aýaly Heýjanyň keşbini artist Türkmenistanyň at gazanan artisti G.Meňliýewa, Tersa Hojanyň keşbini artist P.Sallandyýew, Peltek begiň keşbini artist A.Annamyradow, Gaýy Kuwwat begiň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Ö.Hudaýgulyýew, Sanjak begiň keşbini artist S.Eminow dagylar ýerine ýetirýärler.