Görogly we Agaýunus

Gadymy halkymyzyň pähim-parasadyndan  dörän “Görogly” şadessanymyz ençe asyrlar bäri mukaddes otly ojak bolup, külli türkmeni daşynda jem edip,  gowgaly, gazaply, garaňky   eýýamlarda alawyndan alaw, gylawundan gylaw beripdir. “Görogly” şadessanymyz diýarymyzyň keramatly döwlet saçagy-suprasy  bolup, külli türkmen halky ondan ruhuny gandyryp, göwnüni dokundyrypdyr.          

Dramaturg N.Rejebow “Görogly we Agaýunus” atly sahna eserinde dürli wakalaryň üsti bilen  Görogly begiň, onuň  kyrk ýigidiniň  diýarymyzy, eziz halkymyzy mukaddesleşdirişini, ganatly gamyşgulak bedewlerimizi keramatlaşdyryşyny aýdyňdan şahandaz  beýan edýär. Görogly adaty beg däl, halkyň söýgüsinden dörän beg. Görogly beg düýşünde  perizada-periler ýurdunyň şasy Jahan şanyň peri gyzyna  aşyk bolýar. Ol dürli külpetleri başdan geçirip, ençe-ençe synaglardan geçip wysala gowuşýar. Dramaturg “Görogly we Agaýunus“ atly eserinde Görogly begiň adatdan daşary söýgisini ylahylaşdyrýar. Agaýunus  peri mukaddes söýginiň,  päkligiň, wepalylygyň,  asylzada hem akylly  zenanlygyň nyşanyna öwrülýär.

Beýik söýgi hakdaky eseriniň  esasy özeni saz-söhbet, sebäbi Görogly beg hanjak gitse-de arkasynda gazma dutary bar, dostuna-duşmanyna, hatda “yns-jynsam aýdym-saza düşünermiş” diýip nägehan ajdarhada nama bilen ýüzlenýär. Aýdym-saz-nama  Görogly begiň ynsanperwer syýasaty.

“Görogly” şadessanymyz ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasyny saklamagyň Hökümetara Komitetiniň  çözgüdi esasynda adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna  goşuldy. Sebäbi  türkmeniň “Görogly” şadessany  diňe diwanda-kitapda jemlenen dessan däl - ol janly şadessan. “Görogly” şadessany eýýamlar bilen aýlanyp, döwürler bilen dolanyp, şu güne çenli  türkmen toýlarynda, baýramlarynda, bezim-meýlislerinde, türkmen teatrlarynyň sahnalarynda  tomaşaçylary heýjana getirip, göwünleri göterip, kalplara hyjuw-hyruç berip, il-ulus bilen ýaşap ýören  hakyky janly dessan. “Görogly we Agaýunus” atly bu eseriň tüweleýli ruhy, hörpi-howalasy, beýan ediliş  göçgüni, şowhuny-şahandazlygy, badyhowa hyjuwy-hyrujy düýbünden başgaça. Eseriň her bir jümlesi, her bir sözlemi,her bir wakasy  watansöýüjiligiň, adalatyň,  merdi-merdanalygyň mekdebi...

 

Şeýle hem