Dramaturg Mustaý Kerimiň “Aý tutulan gijesi“ atly spektaklynda ýaşlar Zümmeretiň we Akýigidiň söýgüsi hakda gürrüň berilýär. Waka XIX asyrda, irki döwürlerde bolup geçýär. Uruşda ýogalan agasynyň gelni Şapagy obanyň Hatarbaşysy we onuň geňeşçileri Zümerrete bermekçi bolýarlar. Spektaklda ýaşlaryň birek-birege gowuşmak üçin göreşleri dartgynly wakalaryň üsti bilen görkezilýär. Hatda obany terk etmek ejiri hem aşyk-magşuklary biri-birlerinden aýryp bilmeýär. Spektaklda päk söýgi wasp edilýär.