Aýazbaba nirde sen

Türkmenistanda şatlyk-şagalaň, uly ruhubelentlik bilen bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününi we Täze ýyl baýramyny has-da dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň döredijilik topary   Penço Mançewiň “Aýazbaba nirde sen?” atly ertekisi esasynda goýlan spektakly sowgat etdi. Teatryň uly sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Gözel Çommiýewanyň goýan bu spektaklynyň sýužet gurluşy ýeňil hem, çagalar üçin düşnükli. Bu spektaklyň suratkeşi Batyr Bekmyradow bu sahna oýnunda çagajyklaryň has gowy görýän baýramçylygy bolan  “Täze ýyl” baýramçylygynyň äheňinde ýerine ýetiripdir.

Teatryň artistleri Bökegeniň keşbini Dursun Nurgylyjowa, Gezegeniň keşbini Jennet Çowdurowa, Möjegiň keşbini Ýaýlym Myratberdiýew, Tilkiniň keşbini bolsa Tyllagözel Hydyrowa, Aýynyň keşbini Myrat Saryýew, Towşanjyklaryň keşplerinde Jennet Horasanlyýewa bilen Gülruh Nurmuhammedowa, Owlajyklaryň keşplerinde  Dursun Nurgylyjowa, Garganyň keşbinde Maral Öwezowa ýerine ýetirýärler. Sahna oýnunyň başynda bütin bir ýyllap garaşylan, çagajyklaryň söýgüli gahrymanlary bolan Aýazbabanyň keşbinde Tahyr Annarejepow,  Garpamygyň keşbinde bolsa Maral Nazarowa ussatlyk bilen ýerine ýetiripdirler.   

Tomaşaçylara agzybir bolmagy ündeýän bu spektaklyň soňunda ähli tokaý haýwanlary Aýazbaba we Garpamyk bilen Täze ýyl baýramyny uly şowhun bilen belleýärler.

Awtor “Aýazbaba nirde sen?” atly pýessasynyň dramaturgiýasy agzybirligi, dogry sözlüligi, dostlugy ýaly ajaýyp adam duýgularynyň häsiýetlerini tokaý haýwanjyklarynyň üsti bilen açmak isläpdir.   

Şeýle hem