Dünýä belli dramaturg Ç.Aýtmatowyň bu sahna eserinde ýaş juwanlaryň söýgüsi barada söhbet açylýar. Ýaş hünärmen diňe öz aladasyny edip, işinde öz diýenini gögertmek üçin maşgalasyna biwepalyk edip maşgalasyny terk edýär. Bu ýagdaýlary bilse-de, Ylýas üçin öz ene-atasyny, maşgalasyny terk edip gelen ýaş aýaly Heseliň maşgalasyny dikeltmek üçin her näçe garaşsa-da Ylýas gaýdyp gelmeýär. Ahyr ýaş zenan kiçi çagajygy bilen maşgalasyny terk edip iň soňky umydy bolan çagajygynyň geljegi üçin söýgüsini ömürlik unudyp täze durmuşa başlamaga mejbur bolýar.