«Türkmenistan» awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligindäki çäklendirmeler sebäpli, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen Aşgabat — Dubaý — Aşgabat we Aşgabat — Abu-Dabi — Aşgabat ugurlary boýunça gatnawlaryň wagtlaýyn ýatyrylandygyny habar berdi. Bu çäklendirme 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyna çenli dowam eder.
Ýatyrylan gatnawlara bilet satyn alan ýolagçylar öz töleglerini hiç hili tutumsyz doly yzyna alyp bilerler. Şeýle hem ýolagçylara biletleriniň senesini iň ýakyn mümkin bolan günlere mugt üýtgetmek mümkinçiligi döredilýär.
Awiakompaniýa ýolagçylara biletleri yzyna gaýtarmak ýa-da çalşyrmak üçin biletleriň satyn alnan nokatlaryna ýa-da resmi wekilhanalara ýüz tutmagy maslahat berýär. Internet arkaly satyn alnan biletleriň puly töleg geçirilen bank kartyna yzyna gaýtarylar.
Gatnawlaryň tertibi baradaky goşmaça we iň soňky maglumatlary awiakompaniýanyň resmi web sahypasyndan ýa-da Aşgabatdaky we Dubaýdaky degişli telefon belgileri arkaly anyklap bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
1. Dubaý şäheri:
• Telefon belgisi: +971 50 280 05 08
• Elektron salgy: ticket.mida@gmail.com
2. Türkmenistan:
• Telefon belgileri: +993 12 39-17-78, 23-03-15, 23-03-18
• Elektron salgy: info@turkmenistanairlines.tm