Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Hökümetiň 9-njy ýanwarda geçirilen mejlisinde ýurduň Daşary işler ministrliginiň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, meýilnamada syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki çäreleri amala aşyrmak arkaly Türkmenistanyň dürli ýurtlar bilen gatnaşyklaryny berkitmek üçin zerur işleri alyp barmak göz öňünde tutulýar. Bu ugurdaky çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynda, şol sanda onuň 80-nji sessiýasynda öňe süren halkara başlangyçlaryny amala aşyrmak boýunça zerur işleri geçirmek we utgaşdyrmak wezipesi öňde goýulýar.
Şeýle hem meýilnamada ýurdumyzyň halkara maliýe-ykdysady düzümler bilen alyp barýan işlerini pugtalandyrmak, gatnaşyklary ilerletmek boýunça çäreler meýilleşdirilýär. Onda Bütindünýä Söwda Guramasy, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy, Halkara energetika agentligi, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentlik ýaly ykdysady guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça çäreler hem bar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen ýola goýlan gatnaşyklaryny ösdürmegi mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Daşary işler ministrliginiň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyny makullady hem-de wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.