Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 10-njy ýanwarda Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparyň 64-nji mejlisi geçirildi.
Duşuşygyň barşynda Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparyň 2025-nji ýyl üçin Meýilnamasynda görkezilen wezipelere laýyklykda geçen ýylyň dowamynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada maglumat berildi.
Mundan başga-da, Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparyň 2026-njy ýyl üçin Meýilnamasy tassyklanyldy. Meýilnamanyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde ýylyň birinji ýarymynda öňde durýan wezipelere aýratyn üns berildi.