Türkmenistanda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzyň gündogar sebitinde – Lebap welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda «Ýyllaryň şygary – kalbyň mukamy, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi.
Dabaraly maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň taryhynda öçmejek yz galdyran, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şöhratly 2025-nji ýylyň logiki dowamy bolan täze, 2026-njy ýylyň şygarynyň çuňňur mazmuny, jebis jemgyýetimiz, syýasy ýörelgämiz bilen beýik sazlaşygy barada buýsanç bilen bellenilip geçildi. Şeýle hem bu ýerde edilen çykyşlarda şu ýylyň dowamynda ýokary ruhubelentlige beslenip geçiriljek Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly toýy, bu şanly senäni ýokary zähmet üstünlikleri bilen dabaralandyrmak, onuň üçin ýurdumyzda döredilýän giň şertler barada nygtalyp geçildi.
Maslahatyň dowamy welaýatyň sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Ýokary watançylyk duýgularyna beslenip geçen maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi.
Welaýat häkimliginde geçirilen dabaraly maslahatdan soňra, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de welaýat kitaphanasynyň işgärleri tarapyndan taýýarlanan, täze ýylyň şygary bilen baglanyşykly «Watan – dillerimiziň baky senasy» atly muzeý gymmatlyklarynyň we kitap sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu ýere ýygnananlar milli mirasymyz, meşhur ahalteke bedewlerimiz baradaky muzeý gymmatlyklaryny özünde jemleýän sergi bilen tanyşdylar.