Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Bütindünýä hindi gününi belledi. Çäräniň dowamynda dostlukly döwletiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu Türkmenistanyň Hindistan üçin sebitdäki esasy hyzmatdaş hökmünde strategiki ähmiýetini tassyklady.
Diplomat öz çykyşynda Hindistanyň 1991-nji ýylda Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji ýurtlardan biridigini aýtdy. Şeýle hem ilçi işjeň syýasy gepleşikleriň dowam etdiriljekdigini belledi.
Çäräniň dowamynda medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Ilçi Türkmenistan Hökümetine hindi medeniýetini wagyz edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Diplomat dünýäde 600 milliondan gowrak adamyň gürleýän dili bolan hindi dilini türkmen ýaşlaryna öwretmekde tagalla edilýändigi üçin Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň degişli fakultetine minnetdarlyk bildirdi.
Bu çärede türkmen talyplarynyň ýerine ýetiren kompozisiýalary we aýdym-sazlary örän täsirli boldy. Şeýle-de ýoga ussatlygy görkezildi we adaty hindi aşhanasynyň tagamlary hödürlendi.